BREST DÖWLET TEHNİKİ UNİWERSİTETİNDE BİLİM ALMAK BU SİZİŇ GELJEGE BOLAN YNAMYŇYZDYR
BREST DÖWLET TEHNİKİ UNİWERSİTETİŇ (BrDTU) ÝERLEŞÝÄN ÝERİ
Brest döwlet tehniki uniwersiteti köp ýurtlarda boluşy ýaly klassik görnüşde gurulan. Okuw bölümleri hem-de BrDTU-nyñ umumy ýaşayyş jaýlary uniwersitetimize degişli bolan asuda şäherjiginde ýerleşen. Uniwersitetimiz Brest şäherlerimiziñ dürli ýerlerine barmaklyk üçin awtoulaglar bilen doly görnüşde üpjün edilendir.
Ähli umumyýaşaýyş jaýlarymyz (1,2,3 we 4) okuw jaýlarymyzyñ golaýynda ýerleşen. Adaty ýagdaýda bir otagda 2-3 talyp ýaşaýar. Otaglarymyz blok görnüşde bolup, hammam we hajathanasy içinde ýerleşendir. Birnäçe blok-otaglaryna bir aşhana niýetlenendir. Umumyýaşaýyş jaýlary kir ýuwýan tehnikalar bilen üpjündir. Okuw jaýynyñ 2-nji bölüminde №12 naharhana we kafe ýerleşendir. Şeýlede talyp şäherçesiniñ töwereginde №16 naharhana “Zodçiýe” we azyk harytly dükan ýerleşendir. Uniwersitetimiziñ töwereginde poçta, marketlar “Almi” we “HIT”, ulymarket “Korona” ýerleşen. Şeýle hem dermanhana we lukmançylyk kömek berýän otaglary ýerleşendir.
Uniwersitetimize degişli bolan täze tehnikalar bilen üpjün edilen Medisina şypahanasy bar. Ýylyñ dowamynda şol ýerde 700-e golaý talyplarymyz dynç alýarlar.
Bedenterbiýe we sport bilen gyzyklanýan talyplar üçin niýetlenen ýörite otaglarymyz bardyr, ýagny: agyr atletika, göreş we sportyñ beýleki görnüşleri. Mugallymlar we talyplar üçin 2 sany kitaphanalar we häzirki zaman kompýuter otaglarymyz bar. Dürli medeni çäreler geçirmek üçin ýöriteleşdirilen uly zallarymyz bardyr.